8 Noýabr - Ýeňiş Güni, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Baýdagynyň Güni mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky Ilçihanasynda kabul edişlik geçirildi.
Ilçihanadan berilen maglumata görä, çärede çykyş eden ilçi Gismat Gozalow ilki bilen halkymyza bu Ýeňşi bagyş eden, Azerbaýjanyň territorial bitewüligi we özygtyýarlylygy ugrunda janlaryny gurban eden şehitlerimiziň hatyrasyny hormat bilen ýatlady.
Ilçi öz çykyşynda ýurdumyzyň Ýokary Baş Serkerdebaşysy, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýewiň ýolbaşçylygynda 44 günlük Watançylyk urşunda taryhy Ýeňiş gazanandygyny belledi. Bu Ýeňiş Azerbaýjan halkynyň erk-isleginiň, agzybirliginiň we adalatlylygynyň ýeňişidir. Watançylyk urşunyň netijesinde basyp alnan territoriýalarymyz azat edildi, ýurdumyzyň territorial bitewüligi dikeldildi we BMG-niň kararlarynyň talaplary ýerine ýetirildi. Azerbaýjanyň bütin özygtyýarly territoriýalarynda pasyrdaýan baýdagymyz bolsa halkymyzyň garaşsyzlygynyň we Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň ebedi nyşany hökmünde pasyrdaýar.
Şeýle hem, ilçi öz çykyşynda Azerbaýjanyň territorial bütewiligini dikeldenden soň basyp alyşdan azat edilen territoriýalarda giň gerimli dikeldiş, täzeden gurmak, Günorta Kawkazda durnuklylyk we hyzmatdaşlyk gurşawyny döretmek üçin atylan möhüm ädimlerden söz edip, şeýle hem bugünde howp bolup durýan mina howpy barada gürrüň berdi. Ilçi “Beýik Gaýdyş” Maksatnamasynyň çäklerinde eýýäm 50 müňden köp raýatlaryň basyp alyşdan azat edilen sebitleride ýaşaýandygyny, işleýändigini we okaýandygyny aýtdy. Azerbaýjan azat edilen topkalaryny, şol sanda dini-taryhy ýadygärliklerini we metjitlerini dikeldýär, olary täzeden ýaşaýyş jaýlaryna öwürýär. Dogan Türkmenistanyň goldawy bilen basyp alyşdan azat edilen Füzuli şäherinde metjidiň gurulmagy bu ruhy dikeldiş prosesiniň aýdyň mysalydyr we Garabagyň täzeden dikeldilmegine goşant hökmünde ýokary baha berilýär. Bu başlangyç Türk dünýäsiniň umumy gymmatlyklaryna, Yslam medeniýetine we azat edilen ýerleriň topraklaryna ruhy taýdan galkynyşyna berilýän ýokary ähmiýetiň görkezijisidir.
Ilçi häzirki wagtda ýurduň başlangyjy bilen Ermenistan bilen parahatçylyk ylalaşygynyň taslamasy boýunça ikitaraplaýyn gepleşiklerde möhüm öňegidişligiň gazanylandygyny, 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 8-ne Waşingtonda gol çekilen Bilelikdäki Jarnamanyň we gazanylan beýleki taryhy ylalaşyklaryň sebitde parahatçylyk prosesiniň öňe ilerletmeginde ähmiýetli tapgyrdygyny belledi.
Azerbaýjan-Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada söz açan Ilçi, iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni we dini umumy gymmatlyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň esasyny düzýändigini aýtdy. Azerbaýjan we Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary soňky döwürde ösüş ýoluny geçip has hem pugtalandy. 2025-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli özara saparlar we duşuşyklar bilen täze tapgyra gadam basyldy. Bu çäreler hem ikitaraplaýyn, hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna uly goşant goşýar. Bu ýyl ýokary derejeli geçirilen ikitaraplaýyn saparlar we üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşyklar hyzmatdaşlygymyzyň ösüşine we halklarymyzyň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdy. Bu saparlar, duşuşyklar we çäreler Azerbaýjan we Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, şeýle hem ykdysady, ulag, energetika we medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine hyzmat edýär. Iki ýurduň bilelikdäki tagallalary sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we üznüksiz ösüşi üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar. 2025-nji ýylyň Azerbaýjanda "Konstitusiýa we Özygtyýarlyk ýyly", Türkmenistanda bolsa "Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly" hökmünde bellenilmegi iki ýurduň özara ynama we sebitleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär.
Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjan halkyny Ýeňiş güni bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek barada öz pikirlerini beýan etdi.
Kabul edişlik resmi nahar bilen dowam etdi, Azerbaýjan we dünýä kompozitorlarynyň, esasanam beýik Üzeyir Hajybeýliniň sazlary ýerine ýetirildi. Myhmanlara Azerbaýjan tagamlarynyň, süýjülikleriň we milli içgileriň nusgalary hödürlendi.
Çärede Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurt diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.