Soňky minut

Azerbaýjan-Türkmenistan energetika gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi.

Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Ilçi Gismat Gozalow duşuşykda Guwanç Agajanowy täze wezipä bellenmegi bilen gutlady.

Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary derejeli özara saparlaryň we gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň ykdysady we energetika, esasan hem nebit-gaz pudaklarynda häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki Hökümetara Toparynyň ıkitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýeti bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň hem bar bolan baý energiýa mümkinçiliklerini we serişdelerini göz öňünde tutup, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçiliklere üns çekildi.

Şeýle hem, Ilçi Türkmenistanyň Hytaý bilen bilelikde "Galkynyş" gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň badalga berilmegi bilen gutlady. Bu nuktaýnazardan, SOCAR-yň prezidenti Röwşen Najafyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana sapar edendigini we ýokarda agzalan çärelere gatnaşandygyny belledi.

Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy we doganlyk gatnaşyklaryny, esasan hem energetika pudagynda netijeli we amaly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigi ýene-de bir gezek nygtaldy.