Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan guralan we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen geçirilen “MAMA NATURE” (“Ene tebigat”) halkara sungat sergisine ekskursiýa guraldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Saadat Ýusupowanyň gatnaşmagyndaky çärä ýurtda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş işgärleri, şeýle hem mugallymlar, talyplar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Ekskursiýanyň dowamynda gatnaşyjylar sergide görkezilýän sungat eserleri bilen tanyşdylar hem-de taslamanyň esasy maksady we konsepsiýasy barada maglumat aldylar.
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açylan sergi 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 30-na çenli gelýänler üçin açyk boljakdygyny bellemek gerek.