Soňky minut

Firudin Gurbanow Türkmenistanda geçirilen 3-nji Halkara Matematika Olimpiadasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ylym we bilim ministriniň orunbasary Firudin Gurbanow Türkmenistanyň Aşgabat şäherine sapar etdi.

Saparyň dowamynda ministriniň orunbasary Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň çakylygy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetinde mekdep okuwçylary üçin gurnalan 3-nji Halkara Matematika Olimpiadasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Olimpiadanyň çarçuwasynda Firudin Gurbanow okuwçylaryň sergilän tagtalaryny we burçlaryny synlady.

Olimpiadanyň açylyş dabarasynda çykyş eden ministriniň orunbasary Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gatnaşyjylara maglumat berdi. Çykyşynyň dowamynda Firudin Gurbanow okuwçylaryň ösüşinde intellektual oýunlaryň we bilim bäsleşikleriniň tutýan ornuny aýratyn nygtady. Ministriniň orunbasary olimpiada gatnaşyjylaryna öz nesihatlaryny ýetirip olara üstünlik arzuw etdi.

Olimpiadanyň açylyş dabarasyndan soň, ministriň orunbasary Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, uniwersitetiň muzeýine, şeýle hem ajaýyp akyldar we şahyr Magtymguly Pyragy üçin bagyşlanan burça baryp gördü.

3-nji Halkara Matematika Olimpiadasynyň açylyş dabarasyna, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň hem gatnaşandygyny bellemeli.