Baku-Türkmenbaşy-Baku aralygynda ýük ulaglarynyň daşalyş bahasyny arzanladar

Baku-Türkmenbaşy-Baku aralygynda ýük ulaglarynyň daşalyş bahasyny arzanladar

«Azer­baý­jan Ha­zar de­ňiz da­şa­ýyş» (Azer­bai­jan Cas­pi­an Ship­ping Com­pa­ny/ASCO) ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti şu ýy­lyň 1-nji mar­tyn­dan Ba­ku – Türk­men­ba­şy – Ba­ku ara­ly­gyn­da ýük ulag­la­ry­nyň gat­na­dy­lyş ba­ha­sy­ny ar­zan­la­dar.

In­di uzyn­ly­gy 16,5 metr bo­lan ada­ty kon­teý­ner ulag­la­ry­ny alyp git­megiň bahasy 1072 däl-de, 1000 ame­ri­kan dol­la­r bolar. Şeý­le hem öňün­den alyn­ýan pe­te­giň ba­ha­sy 1716 dol­lar­dan 1600 dol­la­ra dü­şü­ril­di.

Ti­gir­li ulag­la­ryň uzyn­ly­gy 16,5 metr­den köp ýa-da on­dan az bol­sa, bu ýag­daý­da nyrh­la­ryň ti­gir­li ulag­la­ryň uzyn­ly­gy­na gö­rä ha­sap­lan­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Kompaniýanyň few­ral aýy­nyň ba­şyn­da ýo­lag­çy ulag­la­ry üçin hem ba­ha­ny ar­zan­la­dan­dy­gy­ny ýat­lad­ýa­rys.

Ýo­lag­çy ulag­la­ry ozal 325 dol­lar­dan gat­na­dy­lan bol­sa, ola­ryň ba­ha­sy in­di 200 dol­la­ra dü­şü­ril­di.
Ba­ha­la­ryň ar­zan­la­ma­gy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­ja­nyň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň art­ma­gy­na tä­sir et­jek­di­gi­ bellenilýär.