Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň üstünligi

Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň üstünligi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçiriýän ulag syýasaty, döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamyndaky başlangyçlary ulag we logistika pudagynda global ösüşiň ugruny döredýär.

Bu barada ýakynda bolup geçen wakalar aýdyň subutnamasy bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag we kommunikasiýalar ulgamyna degişli Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ulag syýasatynyň hem-de ulag ulgamyndaky öňe sürülýän ählumumy ähmiýetli teklipleriň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistan ulag we kommunikasiýalar ugry boýunça halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň 6-synyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Munuň özi ekologik ugry nazara almak bilen, ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, inklýuziw jemgyýetçilik infrastrukturasynyň döredilmegine ýardam edilmegine halkara bileleşik tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyny üpjün edýär.

Birleşen Milletler Guramasy bu gezekki Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2022-nji ýylda Awazada geçirilen halkara maslahatyny guramak bilen baglanyşykly tagallalarynyň we bu forumda kabul edilen Jemleýji Beýannamanyň ähmiýetlidigine kanagatlanma bildirdi.

Resminamada BMG-ä agza döwletleriň, halkara, sebitara guramalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň, şol sanda Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, şahsy taraplaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň hemmesine Bütindünýä durnukly ulag gününi dabaralandyrmak teklip edilýär. Şeýle hem durnukly ulag ulgamy boýunça, hususan-da, halkara ulag gatnawlaryny artdyrmak, ekologik ulaglaryň ösüşine ýardam bermek, durmuş taýdan bähbitli ulag düzümleriniň we durnukly ulagyň beýleki ulaglarynyň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça jemgyýetçilik biliminiň artdyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işlerini, çäreleri geçirmek bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Haýdar Gulamow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ekologiýa we umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy.