Merkezi Aziýa bilen Latwiýa ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Merkezi Aziýa bilen Latwiýa ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Merkezi Aziýanyň 5 ýurdy bilen Latwiýanyň arasynda ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki beýannama kabul edildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Latwiýa bilen ulag boýunça iş toparlarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Latwiýa Respublikasynyň Ulag ministrliginiň, Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrligi, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň we Täjigistanyň Ulag ministrliginiň arasynda bilelikdäki beýannama gol çekildi.

Resmi beýannamada durnukly söwdany, ykdysady ösüşi we gülläp ösmegi üçin esas hökmünde halkara söwda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün etmekde ulag we logistikanyň möhüm orny görkezilýär.

Şeýle hem beýannamada Latwiýanyň logistika hyzmatlarynyň Merkezi Aziýany Ýewropa Bileleşigi, Beýik Britaniýa, Demirgazyk Amerika, Latyn Amerikasy we Afrika bilen birleşdirmegi üpjün etmäge mümkinçilik dörediljekdigi bellenildi.