Türkmenistan we Bahreýn halkara bileleşigini Türkiýä we Siriýa kömege çagyrdy

Türkmenistan we Bahreýn halkara bileleşigini Türkiýä we Siriýa kömege çagyrdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Maglumatynda dünýä jemgyýetçiligini Türkiýä we Siriýa kömek goluny uzatmaga çagyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-22-nji fewralda Bahreýn Patyşalygynda resmi saparda boldy. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara täze sahypa açmak bilen, köp sanly ugurda hyzmatdaşlyga hem giň mümkinçilikler açdy.

Şol saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi. Şol resminamada Türkiýede we Siriýada güýçli ýertitremede ejir çekenler üçin duýgudaşlyk bildirilýär.

Hususan-da, şeýle diýilýär:

– Iki tarap Türkiýe Respublikasyna we Siriýa Arap Respublikasyna bu ýurtlarda bolup geçen uly weýrançylyklara, adam pidalaryna we ýaralanmalaryna getiren weýrançylykly ýertitreme bilen baglylykda, duýgudaşlyk we raýdaşlyk bildirdiler. Iki ýurduň Hökümetlerine we halklaryna, gurban bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdiler, halkara bileleşigi bu betbagtçylygyň netijelerini ýeňip geçmek üçin iki döwlete kömek goluny uzatmaga çagyrdylar.