Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky Ilçihanasynyň beren maglumatyna görä, Aşgabadyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş Drama Teatrynda Azerbaýjanyň görnükli kompozitory Üzeýir Hajybeýliniň "Är we Aýal" operettasy esasynda sahnalaşdyrylan şol bir atly spektakl türkmen dilinde görkezildi.
1909-njy ýylda ýazylan we Gündogaryň ilkinji operettasy hasaplanýan bu eser Aşgabad sahnasynda tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma we el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Tomaşany gören Azerbaýjanyň Turkmenistandaky Ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary ahyrynda artistler bilen duşuşyp, olara gül desselerini gowşurdylar.
Ajaýyp kompozitor Üzeýir Hajybeýliniň eserleri Türkmenistanyň medeni durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. "Är we Aýal" eseri bilen birlikde, ajaýyp kompozitoryň "Arşyn mal alan" operettasy hem Aşgabadyň dürli teatr sahnalarynda üstünlikli görkezilýär, şeýle hem ýerli hem daşary ýurtly tomaşaçylar tarapyndan ýokary baha berilýär.