Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy Täjigistanda geçiriler

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy Täjigistanda geçiriler

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 5-nji Konsultatiw duşuşygy şu ýylyň sentýabr aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçiriler. Şeýle hem şol döwürde Araly halas etmegiň halkara gaznasy esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini hem geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygy 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirildi.

Bu duşuşykda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri, ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklar boýunça pikir alyşýarlar.

Konsultatiw duşuşygyň ýeke-täk nyşany Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygynda tassyklandy. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň halklarynyň agzybirligini şöhlelendirýär.

Belläp geçsek, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji Konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi.

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji Konsultatiw duşuşygy geçirildi.