5-nji martda günortan sagatlarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Nahçywan Awtonom Respublikasyna Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden dron hüjümleri amala aşyryldy.
Bir dron Nahçywan Awtonom Respublikasynyň Howa Menziliniň terminal binasyna, başga bir dron bolsa Şekarabad obasyndaky mekdep binasynyň golaýyna düşdi.
Howa Menziliniň binasyna zyýan ýeten we iki raýatyň ýaralanmagyna sebäp bolan Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden amala aşyrylan bu dron hüjümlerini berk ýazgarýarys.
Azerbaýjanyň territoriýasyna edilen bu hüjüm halkara hukugynyň kadalaryna we ýörelgelerine ters gelýär we sebitde dartgynlylygyň artmagyna hyzmat edýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýokarda agzalan meseläni gysga wagtyň içinde düşündirmegini, düşündiriş bermegini we geljekde şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin zerur gyssagly çäreleri görmegini talap edýäris.
Azerbaýjan tarapy degişli jogap çärelerini görmek hukugyny özünde saklaýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky adatdan daşary we ygtyýarly ilçisi Mojtaba Dermiçilu Daşary Işler Ministrligine çagyryldy. Eýran tarapyna berk garşylyk bildirilip, degişli garşylyk notasy gowşurylar.