1992-nji ýylyň fewral aýynyň 26-na Hojaly şäherinde106 aýal, 63 çaga we 70 garry adam bilen jemi 613 parahat we ýaragsyz raýatlar, etniki gelip çykyşy esasynda bilkastlaýyn nyşana alynyp, agyr gynamalara sezewar edilmeginden 34 ýyl geçdi.
Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň öňki SSR-iň 366-njy motoatyjy polkunyň gönüden-göni gatnaşmagynda Hojaly şäherinde asuda ilatyň, hut etniki azerbaýjanly bolandygy üçin, rehimsizlik bilen öldürilmegi Ermenistan tarapyndan azerbaýjanlylara garşy alyp barýan yzygiderli we maksada gönükdirilen genosid syýasatynyň bir bölegi boldy.
Hojaly genosidi netijesinde 8 maşgala doly ýok edildi, 130 çaga bir ene-atasyny, 25 çaga bolsa iki ene-atasyny hem ýitirdi, 68 aýal we 26 çaga bilen birlikde 1275 adam zamun alyndy, agyr uruş jenaýatlary edildi.
Genosid jenaýatynyň alamatlaryny öz içine alýan bu agyr jenaýatçylykly hereket adamzat taryhynyň iň pajygaly sahypalarynyň biri bolmak bilen, esasy adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň gödek şekilde bozulmagydyr. Bu öňünden meýilleşdirilen jenaýatlar etniki azerbaýjanlylary milli aýratynlyklaryna görä öldürmek, olary taryhy taýdan ýaşan topraklaryndan zor bilen çykarmak, ilat arasynda gorky we howsala döretmek üçin niýetlendi.
Hojaly genosidi amala aşyrylan döwründe, halkara adam hukuklary hukugynyň, halkara ynsanperwer hukugynyň düzgünleri, şol sanda “Raýat we syýasy hukuklar hakynda”, “Ykdysady, sosial we medeni hukuklar hakynda”, “Rasparazlygyň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda”, “Gynançlara we beýleki zalym, adamkärçiliksiz ýa-da kemsidiji garaýşa ýa-da jezalandyryşa garşy”, “Çaganyň hukuklary hakynda”, “Genosid jenaýatynyň öňüni almak we jezalandyrmak hakynda”, şeýle hem “Uruş pidalaryny goramak hakynda” Ženewa konwensiýalary, hususan-da, adamlaryň ýaşaýşa, şahsy eldegrilmesizlige, emläk, gynamalardan azatlyga we beýleki esasy hukuklar gödek şekilde bozuldy.
Hojaly genosidine ilkinji syýasy-hukuky gymmatlygy Milli Lider Geýdar Aliýewiň başlangyjy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisi tarapyndan berildi we 26 fewral Hojaly Genosidi Güni hökmünde yglan edildi.
Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan Hojaly genosidiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi, bu jenaýatçylykly herekete hukuk we syýasy gymmatlygynyň berilmegi maksady bilen yzygiderli durmuşa geçirilen "Hojaly üçin adalat" kampaniýasy bu genosid hadysasy bilen bagly halkara derejesinde habarlylygy ýokarlandyrmak we adalatlylygy ornaşdyrmak babatda uly ähmiýete eýedir.
Watançylyk urşundan we ýerli antiterror operasiýasyndan soň basyp alyşdan azat edilen territoriýalarymyzda, şol sanda Hojaly şäherinde dikeldiş işleri çalt depginde alnyp barylýar, ýaşaýjylar öz dogduk topraklaryna gaýdyp gelýärler.
Şol ýerlerde geçirilen dikeldiş we täzeden gurmak işleriniň dowamynda köpçülikleýin mazarlyklar tapyldy, şeýle hem gynamalara sezewar edilen we öldürilen adamlaryň jesetleri tapyldy, olaryň kimdigi anyklandy we jaýlandy. Bu faktlar Hojaly genosidiniň we edilen agyr uruş jenaýatlarynyň inkär edilip bolmajak subutnamalarydyr.
Hojaly genosidine we halkymyza garşy edilen jenaýatlara gatnaşan birnäçe adamlar ýerli terrorçylyga garşy operasiýadan soň görülen çäreler döwründe tussag edildi we olar häzir halkara hukuk kadalaryny göz öňünde tutup, Azerbaýjan Respublikasynyň milli kanunçylygynyň çäklerinde sud edilýär.
Hojaly genosidiniň pidalarynyň eziz ýadygärligine çuňňur hormat goýup, halkara guramalary we dünýä jemgyýetçiligini XX asyryň iň gandöküşikli gyrgynçylyklarynyň biri hasaplanýan bu genoside hukuk taýdan gymmatlandyrylmagy, bu elhenç jenaýaty amala aşyranlaryň hemmesini jogapkärçilige çekmek üçin aýgytly ädimler ätmäge çagyrýaryn.
Sabina Aliýewa
Azerbaýjan Respublikasynyň
Adam Hukuklary boýunça Komissary
(Ombudsman)
2026-njy ýylyň fewral aýynyň 23-i
Hankendi şäheri