Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow Aşgabat şäherinde ýaşaýan, ýüz ýaşly, azerbaýjanly Tahira Aliýewa Hasan gyzynyň öýüne baryp, faşizma garşy gazanylan ýeňiş mynasybetli gutlap, oňa gül dessesi we sowgat gowşurdy.
Ilçi Gozalow Aliýewa onuň zähmetsöýer işlerini hem-de uruş ýyllarynda tylda galyp görkezen edermenliginiň uly hormat bilen ýatlanýandygyny belläp, oňa berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi. Şeýle hem ilçi Gozalow Azerbaýjanda we Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryna döwlet we halk tarapyndan ýokary baha berilýändigini nygtady.
Şol bir wagtyň Aliýewa goýulýan hormat üçin hoşallyk bildirip, ýurtlarymyza parahatçylyk we asudalyk arzuw etdi, uruş döwrüniň agyr, ýöne buýsançly ýatlamalaryny paýlaşdy.
Aliýewa Ikinji jahan urşy ýyllarynda tylda zähmet çekipdir. Uruş döwründe ol öň hataryň azyk bilen üpjün edilmegine uly goşant goşupdyr.

