Türkmenistan we BMG durnukly ösüş maksatlary ugrunda hzymatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we BMG durnukly ösüş maksatlary ugrunda hzymatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň durnukly ösüş boýunça Toparynyň başlygy Amina Jeýn Mohammed bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ähli ulgamlar boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň we Türkmenistanda milli durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny berkitmek boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda Türkmenistanyň ulgamlaýyn işleri amala aşyrýandygyny belledi.

Şeýle hem R.Meredow Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Bilmiň özgerdilmegi boýunça sammitiň geçirilmegini goldaýandygyny nygtady. Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýokary hilli bilime elýeterliligi üpjün etmek boýunça işleri geçirýandigi hem-de ýakyn wagtda bu Sammite taýýarlygyň çäklerinde milli geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.

Şeýle hem taraplar daşky gurşawy goramaklyk we Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy bilen bagly mesleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň başlangyjy bolan «Şäherlerdäki baglar» atly şäherlerde howanyň üýtgemegi bilen bagly hereketleriň goldanylmagy üçin ählumumy kampaniýanyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygy aýdyldy.