Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.

Irden hormatly Prezidentimiz Mekgeden Jidda şäherine geldi. Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň uçary musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şähere — Medinä ugrady.

Bir sagada golaý wagtdan uçar Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Medine welaýatynyň häkimi Feýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşylaýarlar.

Bu ýerde geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Medine welaýatynyň häkimi deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden Muhammet pygamberiň Al-Masjid an-Nabawi metjidine tarap ugur alýar.

Metjidiň esasy girelgesiniň agzynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy onuň ymamy hormat bilen garşylaýar. Döwlet Baştutanymyza metjidiň taryhy barada we onuň bilen bagly rowaýatlary gürrüň berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wekiliýet agzalary bilen bilelikde Muhammet pygamberiň metjidiniň hormatyna namaz okady. Pygamberimiziň müdimilik aram tapan ýerinde Beýik Biribardan ata Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň parahatçylygy we rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi.

Her bir musulman üçin mukaddes bolan ýerlere zyýaratdan soňra, hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Medinäniň Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline ugraýar.

Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerine mukaddes toprakda — yslam dininiň watanynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan edip, Watanymyza ugrady.