Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden hem-de döwletiňizde ilçihanasyny ilkinji açan ýurduň Prezidenti hökmünde diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!» diýlip, türk Lideriniň ýollan hatynda aýdylýar.

Rejep Taýyp Ärdoganyň pikiriçe, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklarymyz ähli ugurlarda pugtalandyryldy. Türkiýe Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy derejesinde goşulmagy ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygymyza täze, kuwwatly itergi berendigini şeýle-de dilimiziň, gadymyýete uzaýan köklerimiziň umumylygy hem-de mähirli gatnaşyklar bizi özara bähbitlerden has wajyp bolan ruhy baglanyşyk bilen jebisleşdirýändigini nygtady.

«Türkmenistan 30 ýylyň içinde biziň ýurdumyzyň, şeýle hem halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan hemişelik Bitaraplyk syýasaty hem-de öz Arkadagynyň baştutanlygynda durmuşa geçirýän netijeli we jogapkärli işleri bilen sebitde durnuklylygyň we rowaçlygyň pugtalandyrylmagynda uly orun eýeledi» diýip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hatynda aýdylýar.

«Doganlar dek egin-egne berip duranymyzda, ýetilmejek hiç bir sepgit bolmaz hem-de gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy we ösdürmegi dowam ederis» diýip, Rejep Taýyp Ärdogan hatynda belleýär.

«Diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, Siziň Alyhezretiňize hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!» diýip türk Lideri hatyny jemleýär.