YHG-nyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing guraldy

YHG-nyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing guraldy

2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabadyň “Garagum” otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Birifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri Ýazgylyç Orazgylyjowa “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça YHG-nyň ýörite sylagyny gowşurdy.

Brifingi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow giriş çykyşy bilen açdy. Şonuň ýaly-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň çykyşy diňlenildi. Mundan başga-da YHG-na agza-döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy çykyş etdiler.

Türkmenistan YHG-nyň agzasy bolmak bilen, YHG-nyň giňişliginde köptaraplaýyn özarabähbitli hereketleriň giňeldilmegine, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gymmatly goşandyny goşýar. 2021-nji ýylda YHG-na başlyklyk edýän döwründe biziň ýurdumyz işlenilip taýýarlanylan Başlyklygyň Konsepsiýasyna laýyklykda işjeň we mazmuna baý işleri durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Sammitiň çäklerinde YHG-ny netijeli we täsirli sebitleýin ykdysady gurluşa öwürmek, şol sanda ileri tutulýan ugurlary öz içine alýan ähli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygyň depginini ähmiýetli derejede tizleşdirmek barada ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy. Bu ugurda ulag we energetika pudaklaryna aýratyn üns berilýändigi tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, 15-nji Aşgabat Sammitinde gazanylan ylalaşyklar we çözgütler YHG-nyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna güýçli täzeçil we ýokary derejeli itergi bermäge, oňa yzygiderli we takyk ähmiýet bermäge, YHG-nyň giňişliginde, şol sanda sebitara hem-de yklymara mazmunynda tizleşdirilen integrasiýa üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Brifinge gatnaşyjylar bu Sammitiň jemleri boýunça Hereketleriň Aşgabat ylalaşygynyň kabul edilmeginiň YHG-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, umumy howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam berer, şonuň ýaly-da sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berjekdigini nygtadylar.