Türkmenistanda gurulýan Türkmenabada çenli ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi

Türkmenistanda gurulýan Türkmenabada çenli ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi

2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik «Aşgabat-Tejen» böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar, hususan-da Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Yslam Ösüş Bankynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Banklynyň sebitleýin we ýurt boýunça wekilleri, «Hyundai Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň halkara ýük daşaýjylary birleşikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Täze «Aşgabat-Türkmenabat» awtobany ägirt uly ýol-logistika taslamasy bolmak bilen, ýurduň ulag ulgamynyň sebit hem-de halkara derejeli ösen üstaşyr geçelgeleriniň toruna netijeli integrirlenmegine gönükdirilendir.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabada çenli ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň bu ugurda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berýändigini belläp geçdi. Şunlukda ulag-logistika ýollarynyň gurluşygynyň amala aşyrylmagy we olaryň netijeli hereket etmegi, ulaglaryň ähli görnüşleriniň utgaşdyrylmagy ulgamynda köpugurly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň möhüm bölegi bolmak bilen, olar Türkmenistanyň milli maksatnamalarynyň işlenilip düzülmeginde öz beýanyny tapýandyr.

Dabaranyň çäklerinde Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň sebitleýin direktory täze ýoluň ýokary tizlikli awtoýollaryň taslamalaşdyrylmagy hem-de gurluşygy babatynda halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigine şaýatlyk edýän halkara şahadatnamasynyň gowşurylýandygy barada habar berdi. Şeýle-de täze uly göwrümli desganyň ýokary hilini we howpsuzlyk aýratynlyklaryny tassyklaýan degişli resminamalar hem gowşuryldy.

Resminamalary gowşurmak çäresiniň tamamlanmagy boýunça, Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat – Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň edara binasyndaky Dolandyryş merkezinde howpsuzlyk, gözegçilik ulgamlarynyň tehnologiki aýratynlyklary hem-de ýoluň ulanylyşa girizilýän böleginiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Soňra Döwlet Baştutanymyza ilkinji elektron töleg karty (transponder) gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz «Aşgabat – Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Aşgabat – Tejen» böleginiň açylyp ulanmaga berilmegine Ak pata berdi we öz awtoulagynda Tejen şäherine tarap ýola düşdi. Ýoluň 21-nji kilometrinde Milletiň Lideri «Kamaz» kysymly ýük awtoulagynda synag geçirmek üçin belli bir aralygy geçdi we öz awtoulagyna münüp, ýoluny dowam etdi.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 100-nji kilometrinde ýerleşen «Artyk» çatrygyna gelip, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti iki gatdan ybarat söwda we dynç alyş merkezine bardy, onuň tehniki we binagärlik aýratynlyklary bilen tanyş boldy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Halk arasynda ýol, köpri we geçelgeleriň gurulmagy haýyrly iş hasaplanylýar, gadymyýetden bäri şeýle başlangyçlar sogap saýylýan amallaryň hatarynda sarpalanypdyr.

Biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ulag we logistika ulgamynda iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan ulag diplomatiýasynyň çäklerinde üstaşyr geçirmek mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ugrunda möhüm işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başlangyjy boýunça 2014, 2015, 2017 ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly ulag ulgamyndaky degişli kararnamalar kabul edildi. 2021-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama kabul edildi.

Şu gün, «Aşgabat – Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik «Aşgabat – Tejen» bölegini dabaraly ýagdaýda ulanylyşa girizmek arkaly Türkmenistan iri göwrümli ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ösdürilmeginde özüniň ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi baradaky oňyn abraýyny ýene-de bir tassyklady.