Türkmenistanyň döwlet edaralary döwlet serhedini goramak meselesinde «Talyban» hereketiniň wekilleri bilen aragatnaşyk saklaýar

Türkmenistanyň döwlet edaralary döwlet serhedini goramak meselesinde «Talyban» hereketiniň wekilleri bilen aragatnaşyk saklaýar

“Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhedini goramak, serhetden ýük geçirilende, gümrük, sanitariýa, fitosanitar we beýleki barlaglardyr gözegçiliginiň görnüşlerini üpjün etmek boýunça “Talyban” hereketiniň wekilleri bilen sazlaşykly aragatnaşyk saklaýarlar” diýip, Daşary işler ministrligi habar berýär.

“Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan – Owganystan serhedindäki Ymamnazar – Akina we Serhedabat – Turgundy barlag-geçiriş nokatlarynyň adaty düzgünde işleýändigini we awtomobil tirkegleriniň hem demirýol wagonlarynyň zerur mukdarda geçmegini taraplaryň berkarar eden tertibinde üpjün edýändigini belleýäris” diýlip, habarda aýdylýar.