Türkmenistan ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlandy

Türkmenistan ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlandy

Türkmenistan 2024-2026-njy ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň düzüm birlikleri üçin saýlawlar geçirildi.

Bu guramaçylyk mejlisinde 2024-2026-njy ýyllar aralygynda Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde biragyzdan saýladylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan mundan ozal 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolup saýlanypdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 13 komissiýasynyň, komitetiniň we geňeşiniň agzasydyr. Türkmenistan 7 gezek BMG Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy.