Türkmenistan BSG-a goşulmak üçin gepleşiklere gatnaşýar

Türkmenistan BSG-a goşulmak üçin gepleşiklere gatnaşýar

Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň BSG-nyň doly hukukly agzasy bolmaga berk ygrarlydygyny nygtady. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly garaýyşlary, başlangyç resminamalary taýýarlamak üçin iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýetiň başlygy gepleşikler üçin içerki institusional mehanizmleri döretmegiň, BSG-e girmegiň netijelerini öwrenmegiň we milli kanunçylygy Guramanyň düzgünlerine laýyk getirmegiň möhümdigini aýtdy.

Agzalan halkara guramalaryň wekilleri hem öz gezeginde Türkmenistana ykdysady özgertmeleri geçirmekde we BSG-e goşulmakda goşmaça kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem, BSG bu kömegi bermekde utgaşdyryjy orun eýeläp biljekdigine umyt bildirdiler.