Baýden Bütindünýä bankyna täze ýolbaşçy teklip etdi

Baýden Bütindünýä bankyna täze ýolbaşçy teklip etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden “Mastercard” kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçysy Adjaý Banguny Bütindünýä bankynyň prezidenti wezipesine hödürledi. Bu barada Ak Tamyň metbugat gullugy habar berdi.

– Şu gün Jo Baýden ABŞ-nyň Adjaý Banguny Bütindünýä bankynyň prezidenti wezipesine hödrländigini yglan etdi. Bu işewür ýolbaşçy giň tejribe eýe bolup, ösüp gelýän ýurtlardaky kärhanalarda üstünlikli ýolbaşçylyk etdi. Maliýe we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere has ýakyndan bilýar. Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk babatda tejribelidir – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä bankynyň häzirki ýolbaşçysy Dewid Melpas 15-nji fewralda 30-njy iýuna çenli öz wezipesini tabşyrmak kararyna gelendigini mälim edipdi.

Bütindünýä bankyWaşingtonda ýerleşýän halkara maliýe guramasy bolup, döwletlere karzlary, göterimsiz karzlary we grantlary berýär. 1944-nji ýylda döredilen bu maliýe guramasynyň 100-den gowrak döwletde wekilhanasy bar.

Bankyň ýolbaşçysy dolandyryjylar geňeşi tarapyndan 5 ýyl möhlete saýlanýar we täzeden saýlanyp bilýär. Onuň 5 sany wise-prezidenti bolup, olaryň 3-si uly wise-prezidentlerdir, 2-si bolsa ýerine ýetiriji wise-prezidentlerdir. Olar anyk sebitlere we pudaklara jogapkärdirler we beýleki wezipeleri ýerine ýetirýärler. Uly wise-prezident – baş ykdysadyýetçi Bütindünýä bankynyň ösüş strategiýasyny işläp düzýär.