Dünýäniň ençeme ýurdundan türgenleriň gatnaşan bu halkara ýaryşynda Azerbaýjanyň türgenleri 3 medal gazandy.
Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Azerbaýjanyň türgenleri ýaryşyň “A” kategoriýasynda bäsleşip, bir kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.
Azerbaýjanly türgenlerden Ariz Hüseýnow 68 kg agramda üçünji bolup, bürünç medalyň eýesi boldy. Şeýle hem ol 70kg agramda-da çykyş edip, bu gezek 2-nji orny eýeledi.
Alyş göreşi boýunça Fidan Höseýnowa 60 kg agramda çykyş edip, bürünç medal gazandy.
Aşgabatdaky ýaryşa 14 döwletden 170-dan gowrak türgeniň gatnaşandygyny bellemek gerek.