Soňky minut

Türkmenistanyň baş müftisi Azerbaýjan Ilçihanasynyň gurnadygy agyz açara gatnaşdy

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy mukaddes Oraza aýy mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän "Ýyldyz" myhmanhanada agyz açar gurady.

Çärede çykyş eden ilçi Gismat Gozalow myhmanlary garşylady, gatnaşyjylary Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlady. Bu mukaddes aýyň yslam dünýäsinde raýdaşlygyň, hoşniýetliligiň we rehimdarlygyň alamatydygyny aýtdy. Ilçi Azerbaýjanyň Yslam gymmatlyklaryna we raýdaşlygyna uly ähmiýet berýän we goşant goşýan esasy ýurtlardan biridigini aýtdy. Şeýle hem, dini tolerantlyk biziň ýurdumyzda ýaşaýyş usulydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem, agyz açar saçagynyň maksady agzybirligi we Yslam gymmatlyklarynyň beýgeltmekdigini, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekdigini aýtdy.

Agyz açara Türkmenistanyň baş müftisi Ýalkab Hojaguliýew, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň wekilleri, ýurtda akkreditlenen musulman ýurtlarynyň ilçileri we olaryň maşgala agzalary gatnaşdy. Baş müfti Ýalkab Hojaguliýew mukaddes Oraza aýynyň ähmiýeti barada agyz açaarda doga okady.

Agyz açar saçagynda Azerbaýjan aşhanasynyň naharlar we süýji tagamlary hödürlendi.