Soňky minut

Stambul şäherinde talyp ýaşlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 7-9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihananyň wekilleriniň gatnaşmagynda Stambul şäherinde ýerleşýän Medipol uniwersitetinde birnäçe çäreler geçirildi.

Şol sanda, 7-nji dekabrda Medipol uniwersitetiniň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň möhüm syýasy wakalaryny bagyşlanan tegelek stol görüşindäki duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýokary okuw jaýynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Bulardan başgada, 9-njy dekabrda Medipol uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň binasynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň
29 ýyllygy mynasybetli ylmy-maslahat hem-de uniwersitetde okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Geçirilen maslahatyň dowamynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler, gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan nesil terbiýesi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimiz hakynda çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda Medipol uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary, ýurdumyzada ýaş nesliň abadan durmuşy babatda edilýän yzygiderli aladalary we ýaşlaryň milli ruhy gymmatlyklar esasynda ahlak taýdan terbiýelemek boýunça alyp barýan bimöçber işleri üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atlaryna tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirilip, alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem, çäräniň ahyrynda gatnaşan ähli myhmanlara we ýaş talyplara türkmen milli tagamlary hödür edildi.