Türkmenistan we Özbegistan Pakistana suwuklandyrylan gaz iberdi

Gaz
Türkmenistan we Özbegistan Pakistana suwuklandyrylan gaz iberdi

Türkmenistandan we Özbegistandan iberilen suwuklandyrylan gaz Owganystanyň üsti bilen Pakistana baryp ýetdi. Bu barada “Arab News Pakistan” neşiri ýurduň gümrük gullugynyň salgylanyp habar berýär.

– Häzirki wagtda Pakistanyň çägine 21 ýük ulagy geldi – diýip, Pakistanyň gümrük edarasynyň ýokary derejeli işgäri habar berdi. Şeýlelikde, Özbegistandan 6 ýük ulagy, Türkmenistandan bolsa 3 konteýner bardy.

Pakistanyň Lahor şäherinde ýerleşýän “Epic Energy” kompaniýasy Özbegistandan 5000 tonna suwuklandyrylan gaz import etdi. Türkmenistandan hem 5000 tonna suwuklandyrylan gaz import etmek üçin ylalaşyk bar. Russiýadan bolsa 10000 tonna suwuklandyrylan gaz satyn alnar.

Pakistan Owganystanyň üsti bilen suwuklandyrylan gaz satyn alyp, pakistan bazarynda nyrhlary kadalaşdyrmagy meýilleşdirýär.