Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty ýokarlandy

Gaz
Türkmenistanyň Hytaýa tebigy gaz eksporty ýokarlandy

Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz eksport etmekden öňdeligi saklap gelýär. Ýanwar-maý aýlary aralygynda Hytaýa iberilen tebigy gazyň möçberi 4.25 milliard dollara deň bolup, 13.5 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

Hasabat döwründe bu ugurda ikinjiligi Russiýa eýeledi. 2.81 milliard dollar möçberinde tebigy gaz iberip, 2.12 esse ösüş gazandy. Merkezi Aziýanyň Hytaýa tebigy gaz eksport edýän beýleki döwletleri Özbegistan bilen Gazagystanyň eksporty pese gaçdy. Özbegistan 300,13 million, Gazagystan bolsa, 118.63 million dollar möçberinde tebigy gaz eksportuny amala aşyrdy.

Özbegistan soňky ýyllarda daşary ýurda tebigy gaz eksportuny azaldyp, içerki bazardaky ýokarlanan islegi kanagatlandyrmaga çemeleşýär. Şeýle hem bu ýurt tebigy gazyň importuny hem artdyrýar.

Gazagystan hem içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen üpjün etmek maksady bilen eksportuny azaltdy. Ýurduň senagat düzümleriniň hem kömürden tebigy gaz geçmegi bilen tebigy gaza isleg ýokarlandy.