Türkmenistan Merkezi Aziýa gazyň we elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrmaga taýýar

Türkmenistan Merkezi Aziýa gazyň we elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrmaga taýýar

Türkmenistan Merkezi Aziýa hem-de onuň çäklerinden daşyna tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň iberilişini has-da artdyrmaga taýýar.

Bu barada «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda çykyş eden wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow aýtdy. Ministr sebitiň ýurtlarynyň energetika ulgamynda özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylanda türkmen tarapynyň Türkmenistandan tebigy gazy özara peýdaly şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýa-da olaryň üsti bilen daşary bazarlara iberilýän möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardygynyň beýan edilendigini belledi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem ýurtda bar bolan kuwwatlyklaryň elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa döwletlerine ibermegi has-da artdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

R. Meredowyň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa sebitiniň tebigy-çig mal mümkinçiliginiň we geografik taýdan ýerleşişiniň artykmaçlyklarynyň aňryçäk derejede peýdalanylmagy sebitiň içinde hem, onuň daşynda hem kuwwatly energiýa düzüminiň döredilmegini talap edýär.