Türkmenistanyň ajaýyp eserleriniň Italiýada sergisini guramak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň ajaýyp eserleriniň Italiýada sergisini guramak meýilleşdirilýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Rim şäherinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň wekiliýeti bu saparyň çäklerinde Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtiýeri bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda medeni mirasy gorap saklamak hem-de medeni dialogyň ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň ajaýyp eserleriniň Italiýada sergisini guramak boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde Rim şäherindeki “Centrale Montemartini” galereýasyna hem-de Kapitol muzeýine baryp gördüler.