Hytaý-Türkmenistan-Ýewropa multimodal ulag ugruny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Hytaý-Türkmenistan-Ýewropa multimodal ulag ugruny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň guramagynda we Huahe International Business Consultancy kompaniýasynyň ýardam bermeginde Inhe Pekin adwokat kompaniýasynda Türkmenistanyň ilcisiniň we Hytaýyň ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy we Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny mahabatlandyryş ýöriteleşdirilen çäresi geçirildi.

Duşuşyga «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-nyň (TULM) Pekindäki wekilhanasynyň hem-de Hytaýyň ulag-logistika edaralarynyň we kompaniýalarynyň, kommunikasiýa we ulag assosiasiýasynyň, Hytaý-ŞHG synag zolagynyň hem-de Hytaý demirýollary müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşy bolan Hytaýa we onuň çäklerinden köp mukdardaky ýükleri daşamaga mümkinçiligi uly ugurlara, ýagny, Günorta we Günbatar Aziýa, Gündogar we Günorta Ýewropa, Ýakyn Gündogara we beýlekilere ýurdymyzyň halkara ulag geçelgeleri arkaly daşalýan ýükleri artdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy. Çärä gatnaşyjylara Türkmenistan, ýurdymyzyň taryhy we medeni gymmatlyklaryny we täze gurulan Arkadag şäherini mahabatlandýan wideo rolikler hem görkezildi.

TULM-iň Hytaýdaky wekili Ö.Orazow öz tanyşdyryş çykyşynda Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerinde möhüm orny eýeleýändigini belläp, «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ulag geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikleri barada tanyşdyrdy. Ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we howa menzilleriniň hem-de ýurdumyzyň ähli ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwaty we multimodal konteýner ýükleri daşamak amatlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Öz gezeginde, hytaýyň ulag-logistika assosiasiýasynyň we kompaniýalarynyň wekilleri çykyş edip, bu kompaniýalar köpugurly logistika çözgütlerini hem-de olary sanly tehnologiýalar arkaly utgaşdyrymak bilen, ýük gatnawlaryň kuwwatlyklaryny güýçlendirmegiň aýratynlyklary barada gürrüň bermek bilen birlikde,

Türkmenistan bilen bu ugurda ysnyşykly işleşmäge taýýarlyk bildirdiler.Hytaý-Türkmenistan-Ýewropa multimodal ulag ugruny doly ýola goýmak mümkinçiliklerine hem aýratyn üns berildi.

Çykyşlardan soň taraplar ulag-logistika hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meseleleri barada, şeýle hem geljekgi hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça sorag-jogap we pikir alyş-beriş geçirdiler.