TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Gazgystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşdy.

Şeýle hem sammite Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew dagylar gatnaşdylar.

“Türki döwür” şygary astynda geçen şu gezekki sammit guramanyň giň gerimli gün tertibini ýokary derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Onuň esasy maksady türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, umumy taryhy-medeni mirasyň hem-de umumy diliň esasynda sebitde parahatçylyga, durnuklylyga ýardam bermekden ybarat boldy.

Sammiti açyp, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi häzirki wagtda doly derejeli halkara gurama öwrülendigini belläp, gatnaşyjy döwletleriň tutuş türki dünýäniň umumy gymmatlyklaryna ygrarlydyklaryny görkezendiklerine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde esasy maksadyň özara ynanyşmaga we doganlyga esaslanýan jebisligi saklamakdan hem-de ony geljek nesillere ýetirmekden ybaratdygy nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, şu sammitiň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine we bu ugurda täze wezipeleri kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra syýasy gatnaşyklaryň Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenildi. Biziň döwletlerimiz birek-birege özara goldaw berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde netijeli özara hereketleri amala aşyrýarlar. Şeýle ysnyşykly gatnaşyklar häzirki özboluşly zamanda möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde halkara gatnaşyklar ulgamy öz ösüşiniň kyn döwrüni başdan geçirýär. Dürli künjeklerde, şol sanda biziň ýurtlarymyza ýakyn sebitlerde syýasy-strategik ýagdaýlar ýüze çykýar. Şunuň netijesinde, dünýä jemgyýetçiligi dürli ählumumy wehimlerdir howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamyna oňaýsyz täsir edýän bu çylşyrymly hadysalardan baş alyp çykmak üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekleri, emele gelen syýasy ýagdaýlara oýlanyşykly baha bermekleri hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmekleri wajyp hasaplanýar.

Şu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri halkara hukuk kadalaryna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, ýüze çykýan howplara garşy göreşmegiň netijeli gurallaryny döretmegiň, bilelikdäki hereketleri ýola goýmagyň, anyk çemeleşmeleridir meýilnamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi baradaky garaýyşlardan ugur almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy bu başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin üç ýörelgäni peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýar diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Hususan-da, olar öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmak, Bitaraplyk guralynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, ynanyşmaga esaslanýan dialog medeniýetini dikeltmek bilen baglanyşyklydyr.

Biz agzalan strategiýanyň özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleriň çözülmegine, galyberse-de, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde öňe süren bu wajyp başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmakda goldaw berjekdiklerine ynam bildirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmegi teklip etdi.

Söwda-ykdysady ugur babatda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýar. Bu babatda döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlary görkezmek zerurdyr. Olar ulag, energetika, söwda, önümçilik kooperasiýasy we beýleki pudaklary öz içine alýar.

Ulag we logistika ulgamy döwletara gatnaşyklarda wajyp orun eýeleýär.Häzirki ählumumy durnuksyzlyk ýagdaýynda döwletlerimiziň arasynda we olaryň çäklerinden daşarda giňden ýaýran hem-de döwrebap üstaşyr ulag, logistika ulgamyny döretmek wezipesi esasy meseleleriň biri bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Bu ugurda Türkmenistan soňky ýyllarda Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän birnäçe iri üpjünçilik ulgamynyň taslamalaryny öňe sürdi. Olara Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar hem işjeň gatnaşýarlar.

Ýene bir möhüm ugur hökmünde energetika ulgamy görkezildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan baý nebit-gaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi baradaky syýasaty alyp barýar. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara, sebitiň döwletlerine iberilmegi babatda işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy we doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana, Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, bu babatda ýakyn wagtda doganlyk ýurtlar bilen ähli zerur bolan meseleleriň çözülip, degişli işleriň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz elektrik energetikasy barada durup geçip, bu gün Türkmenistanyň goňşy doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Gyrgyzystana öz elektrik energiýasyny iberýändigini belledi. Biz öňümizdäki döwürde elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana, Türkiýä hem iberip bileris.

Hut şu günüň özünde Hazar deňziniň türkmen kenarynda, Türkmenbaşy şäheriniň ýanynda kuwwaty 1574 megawat bolan täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Çykyşyň dowamynda urmuşa geçirilýän bilelikdäki işleri güýçlendirmek we hukuk taýdan berkitmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasynyň” taýýarlanylmagyny maksadalaýykdygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar meselesine aýratyn üns berildi. Taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan özara ysnyşykly hereketler dost-doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, goldaw bermegiň esasynda ulgamlaýyn ösdürilýär. Medeniýet, sungat, ylym-bilim we sport babatda hyzmatdaşlygyň berkidilmegi netijesinde ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň özara ýakynlaşmagyna oňyn şertler döredilýär.

Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işleri has-da berkitmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy. Hususan-da, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, öňdebaryjy ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek teklip edildi.

Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki sammitiň örän ähmiýetli waka bolmak bilen, türki dilli döwletleriň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam bildirdi we hemmelere ýokary jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, doganlyk halklara bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylar ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de guramanyň abraýyny ýokarlandyrmak üçin tagalla etmegiň zerurdygyny bellediler. Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlarda telekeçileri goldamaga gönükdirilen Türki maýa goýum gaznasyny döretmegi öňe sürlen esasy başlangyçlaryň hatarynda görkezmek bolar. Şeýle hem logistikany we ulag gatnawlaryny ösdürmäge, täze ugurlary giňeltmäge uly üns berler.

Sammitiň barşynda bu düzümde başlyklyk etmek Gazagystana geçirildi.