Gaz bazaryndaky ýagdaý we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi

Gaz
Gaz bazaryndaky ýagdaý we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi

Nebit-gaz bazarynyň bilermenleri ýewropa söwda meýdançalarynda tebigy gazyň bahasynyň has artýandygyny belleýärler. Iýul aýynda bir müň kub metr tebigy gazyň bahasy 464 dollara ýetdi, ol 2018-nji ýylyň maýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Ýewropa ýurtlaryndaky yssy howa «mawy ýangyja» islegi artdyrdy.

Galyberse-de, «Gazprom» 31-nji ýuldan başlap, Ýewropanyň ýerasty ammarlaryna gaz ibermesini peseltdi. Bilermenler emele gelen ýagdaý Ýewropa gaz iberýän ýurtlar, şol sanda geçen ýylyň noýabrynda gazyny Ýewropa Günorta gaz geçelgesi boýunça iberip ugran Azerbaýjan üçin amatly hasaplaýarlar. GGG gurluşygy 2020-nji ýylyň maýynda tamamlandy. Gaza isleg gyşa çenli şu durkunda saklansa Azebaýjan ýewropa belleinlen möçberindäkiden (2021-nji ýylda 5,5 milliard kub metr) has köp gaz iberip we goşmaça walýuta gazanyp biler.

Hazar sebitinden gaz almaga Ýewropa, Türkiýe hem isleg bildirýärler, geçen ýyl bu ýere 48,2 milliard kubmetr gaz iberildi. Tebigy gazy iri iberiji we eksport edýän, bu pudaklarda öz mümkkinçiligini yzygiderli artdyrýan Türkmenistan hem «mawy ýangyjy» iberiji bolup biler. Hökümetiň ýedi aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde beýan edilişine görä, tebigy we ugurdaş gaz alnyşy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 123,5 göterim, «mawy ýangyç» eksporty 137 göterim artar.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azebaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzinde «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdrimek barada özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilenden soň türkmen tebigy gazynyň uly möçberiniň Azerbaýjanyň eksport kuwwatlyklarynyň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna ibermek mümkinçiliklerine gyzyklanmalar artdy. Bu taslama BP, Total we Shell ýaly dünýä kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler.

Iýulyň ahyrynda «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdrimek barada özara düşünişmek barada Ähtnamany durmua geçirmek boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan toparynyň mejlisinde geçen duşuşyklardaky ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy. Hyzmatdaşlary, maýadarlary çekmek boýunça, şeýle hem geljegi uly hökümetara resminamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge üns çekildi.

Iki ýurduň, şol sanda Ýewropa ugurda energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde geljekki Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üçtaraplaýyn sammitiniň syýasy çözgütleriniň ähmiýeti uly bolar.

Ogulgözel Rejebowa